TERTIP tm ulgamy, edara-guramanyň içinde resminamalaryň akymyny ýeke-täk maglumat giňişliginde tertipleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Resminamalaryň, maglumat giňişliginde yzygiderli hereketiniň sazlaşykly gurnalmagy, indiki
mümkinçilikleri berýär:
▸ iş dolandyryjylygyň we resminamalar dolanşygynyň işjeň prosesini, şeýle hem prosesyn
durnuklylygy awtomatizirlemegiň hasabyna edara-guramanyň gözegçiligini we
dolandyrmagyny ýokarlandyrmak;
▸ öz wagtynda zerur bolan maglumatlaryň jemlenmegi arkaly, dolandyrmak üçin kabul edilýän
çözgütleriň tizligini we täsirini ýokarlandyrmak;
▸ işgärleriň resminamalary gözlemek we olar bilen işleýän iş wagtyny tygşytlamak;
▸ maglumatyň ýaýramagynyň, resminamalaryň wagtynda taýarlanmagynyň, ýa-da ýerine
ýetirilmezliginiň töwekgelçiligini gysgaltmak;
▸ däp bolup giden resminamalar dolanşygynyň dolandyrmagy bilen bagly görnüşleriň
harajatlaryny azaltmak.
TERTIP resminamalar dolanşygyň we iş dolandyrmagyň awtomatizirlenen ulgamy, edara-guramanyň resminamalaryň bütin durmuş ýolunda, şol sanda bellige almak, işläp taýýarlamak, saklamak, ýerine ýetirmek we gözlemek işini dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başgada, resminamalary gözläp tapmak wagty, we wajyp maglumatyň ýitmek töwekgelçiligi has-da peselýär.
TERTIP ULGAMY ARKALY ELEKTRON RESMINAMALAR DOLANŞYGYNYŇ WE RESMINAMALARY
DOLANDYRMAGYŇ AWTOMATIZIRLENMEGI, INDIKI MESELELERI ÝERINE ÝETIRER:
▸ resminamanyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly, meseläniň tiz wagtda goýulmagy;
▸ resminamalar bilen işlemegiň awtomatizasiýasy;
▸ ylalaşyk prosesiniň tizleşdirilmegi;
▸ resminamalar bilen işlemek tapgyryň doly gözegçiligi;
▸ zerur maglumatyň tiz gözlenmegi (şol sanda dolytekstly) ;
▸ resminamalaryň dürli wersiýalaryna gözegçiligi;
▸ bir-birine bagly resminamalaryň köpbasgançaklyk (iýerarhiýa) wizualizasiýasy;
▸ häzirki biznes-prosesiň shemanyň wizual dinamiki şöhlelendirmegi;
▸ ЭЦП ullanmak mümkinçiligi;
▸ resminamalaryň awtomatizirlenen usulda skanirlemegi;
▸ Microsoft Office Web Apps kömegi arkaly resminamalaryň işiň dowamynda görmek mümkinçiligi;
▸ elektron poçta arkaly meseleleriň we tabşyryklaryň ara alynyp maslahatlaşmak mümkinçilikleri;
▸ dünýäniň islendik künjeginden işjeň prosesiň monitoringy;
▸ biznes-prosesiň wizual konstruktoryny ulanmagy arkaly erkin we standart däl prosesde
resminamalary döretmek;
▸ biznes Studio dan ХDPL ölçege biznes-proses modeliň impordy.
Akylly Tilsimat
© 2018 All rights reserved.
+99312 92 22 77