ÝERINE ÝETIRIJILIK DÜZGÜNINE GÖZEGÇILIK


Dolandyrma işiniň düýp esasylygy, öňde goýulan maksatlara ýetmeginden ybarat, bu bolsa takyk bellenen meseleleriň ýerine ýetirilişiniň netijeli gözegçiligi bolmasa mümkin däl.
ERU (elektron resminamadolanşygyň ulgamy) TERTIP, ulgamda goýulan meseleleriň ýerine ýetirilişiniň operatiw gözegçilik etmegine laýyk gural bolup durýar.

..................

Edara-guramada işiň alnyp barylşy barada dogry düşünje bolar ýaly, köplenç hakyky we jikme-jik maglumat ýetenok. Resminamalaryň we meseleleriň dolandyrma ulgamy TERTIP tm, işgärleriň tabşyryklary wagtynda ýerine ýetirendigi baradaky maglumaty wagtynda berýär, bu bolsa dolandyrmak üçin gelinen çözgütleriň ýerine ýetirilişiniň ykjam we ýokary netijeligine getirýär, işgärleriň alyp barýan işiniň hiliniň ýokarlanmagyna we önümçilige degişli däl töwekgelçiligiň peselmegine täsir ýetirýär.

Şunuň bilen edara-guramanyň islendik işgäri, ERU arkaly tabşyryklar we buýruklar alan halatynda, ýerine ýetiren işi boýunça awtomatiki hasabat döretmek mümkinçiligi bolýar. Bu bolsa işgäriň hasabat taýýarlamak üçin sarp edýän wagtyny düýpli gysgaldýar, hem-de öňünde goýulan meseleleriň we işiň ýeterligini we köplügini hakykatda ýolbaşçynyň dykgatyna ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

TERTIP ERU girizilmegi, edaranyň ýolbaşçysynyň bir topar wezipeleriň we tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň gözegçilik borçlaryny ulgamyň üstine ýükläp bilýär, munuň bilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň hilinde ünsini artdyryp bilýär.

TERTIP ERU (ELEKTRON RESMINAMADOLANŞYK ULGAMY)-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJILIK
TERTIBINIŇ MÜMKINÇILIKLERI:


▸ bir ýa-da birnäçe ýerine ýetirijilere meseleleriň basym bellenmegi;
▸ alnyp barylýan meseleleriň we resminamalaryň ýerine ýetirilmeli möhletli bilen, amatly
     senenama (kalendar);
▸ hälişindi dowamly we biri-birine bagly meseleleriň awtomatiki usulda gurnalmagy;
▸ berlen tabşyryklaryň we goýulan meseleleriň möhletde ýerine ýetirilişiniň gözegçiligi, meseleleriň tiz
     wagtda ugruktyrylmagy;
▸ hasabatlaryň her dürli jäthlar boýunça ýerine ýetirijilik düzgün nyzamynyň obýektiwligi;
▸ işjen prosesyn durnuklylygy;
▸ geçirilen ýygnaklaryň teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi;
▸ diagrammalar arkaly işgärleriň işiniň dürli jähtlara(aspektlara) görä gözegçiligi;
▸ dünýäniň islendik künjeginden işjeň prosesiň monitoringy;
▸ elektron poçta arkaly meseleleriň we tabşyryklaryň ara alynyp maslahatlaşmak mümkinçilikleri;
▸ tehniki goldanmanyň guramaçylyk gullugy (HelpDesk, ServiceDesk).