YKJAM
GÖRNÜŞI


Ykjam görnüşi, TERTIP ulgamynda el telefonlarynyň ekranlarynyň we sensor dolandyryşyň çäklendirilen mümkinçiliklerini aňryçäk derejede netijeli ulanmak üçin mümkinçilikleri üpjün edýär. 
..................

Elektron resminama dolanşygynyň ulgamy TERTIP multiplatforma maksatnama serişdesi bolanlygy sebäpli, ol telefon we portatiw kompýuterleri (noutbuk, planşet we ş.m.) ykjam serişdelerinde giňden ulanylyp biliner. Ykjam tehnika hem ekran hem orientasiýasy boýunça köp dürli ekranlar bilen tapawutlanýar.
Şonuň üçin TERTIP ykjam görnüşiniň esasy artykmaçlygy ulgamyň interfeýsiniň häzirki ekranyň ýagdaýyna we onuň orientasiýasyna aňsat sazlanmagydyr. ERU-yň interfeýsiň ähli elementleri touch-screen we enjamyň gurnalan sensor düwmeleriniň ulanylmagyna uýgunlaşdyrylan.

TERTIP YKJAM GÖRNÜŞINIŇ ARTYKMAÇLYKLARY:

▸ Prosesleri dolandyrmagyň operatiwligi – guramalaryň ýolbaşçylary üçin aýaratyn derwaýys bolan
     dünýäniň islendik nokadyndan işläp bilmeklik;
▸ Portatiw enjamyň mahsus häsýetine adaptirlenen amatly we ýeňil interfeýsi;
▸ Ykjam görnüşi iOS we Android operasion ulgamynda işleýär we ähli esasy web-brauzerleri goldaýar.

TERTIP ykjam görnüşi uly bolmadyk ölçegdäki enjamlarda işlemeklige adaptirlenen (meselem, el telefon) we ulanyş amatlygy üçin çäklendirilen funksionallygy berýär. Bu çäklendirmeler ulgamyň işiniň operatiwliligini ulanyjynyň hut onuň özüniň gatnaşmagyny talap edýän işewürlik-prosesleri görmeginiň hasabyna ýokarlandyrýar. Interfeýsde hiç hili artykmaç zatlar ýok – ulanyjy operatiw goşulyşmagy talap edýän prosesleri we weizpeleri görýär, artykmaç hereketsiz zerur maglumatlary alyp bilýär.
Ykjam görnüşinden şol görnüşiň ulanyjylarynyň ýörite toparyna goşulan islendik işgärler ulanyp bilýär.
Şeýlelikde TERTIP resminama dolanşygynyň ulgamy resminamalary we tabşyryklary islendik elýeter enjamyndan Internet torunyň ulanmak mümkinçiligi bolan dünýäniň, islendik nokadynda dolandyrmaga mümkinçiligi berýär.