ULGAMY
GIRIZME


Ulanylan tehnologiýalaryň artykmaçlyklary esasynda,TERTIP ulgamyň işe girizmäň we düzmäň ýokary tizligi gazanylýar. 
..................

TIPIKI GIRIZME

Iş buýrujyň serwer enjamyna ulgamyň gurluşy
Iş buýrujyň ýerine gitme.
Taýyn edilen iş buýrujyň serwer enjamyna ulgamyň gurluşy.
ERU-yň başlangyç düzmesi.
Serwisyň işini barlamak.
Administratoryň we ulanyjyň instruksiýalaryny gowşurmak.
Ulgamyň administratoryny öwretmek.
Ulgamyň administratoryny we ulanyjylary öwretmek
ERU-yň esasy ulanyjylary okatmak (10 adamdan köp bolmadyk topar) iş buýrujyň çäginde we enjamynda geçirilýär.
Tejribe ulanyş wagtynda konsultasiýa
Tejribe ulanyş wagtynda biziň hünärmenlerimiz resminamadolanşyk ulgamyň administratoryna konsultasiýa berýärler. Gerek bolan ýagdaýynda konsultasiýalary iş buýrujyň meýdançasynda geçirmäge mümkinçilik bar. Ulgam gurnalyp we okuw geçirilenden soň tejribe ulanylyş tapgyryň dowamlygy 22 iş güne çenli
(1 kalendar aýy).

TASLAMA GIRIZME

Iş buýrujyň kärhanasynda biznes-prosesleriň proýektiň öň ýanyndaky barlagy geçirilýär
Iş buýrujyň ýerinde esasy ulanyjylar bilen biznes-prosesleriň barlagy geçirilýär. Barlagyň netijesi bellige alynýar we iş buürujy bilen ylalaşylýar.
Funksional spesifikasiýasyny işläp düzmek we ylalaşmak
Bu tapgyrda biziň hünärmenlerimiz boljak resminamadolanşyk ulgamynyň awtomatlaşdyrma biznes-proseslery, ulgama talaplary we dizaýnyň formalaryny öz içine alýan funksional spesifikasiýasyny işläp düzýärler. Esasy ulanyjylar bilen funksional spesifikasiýasy ylalaşylýar. Netijede esasy ulanyjylar guruljak ulgamyň funksional mümkinçilikleri barada doly düşünje alýalar.
TERTIP ulgamyň funksional spesifikasiýasyny gutarnykly işleme we giňeltme
Tassyklanan funksional spesifikasiýasyna laýyklykda, TERTIP ulgamyň tipiki çözgüdi we funksional mümkinçiligi gutarnykly işlenýär we giňeldilmegi ýerine ýetirilýär.
TERTIP ulgamyň hünärmenleri elektron ulgamyň synagyny geçirýärler, şeýle hem ulanyjyň we administratoryň instruksiýalaryny döredýärler we gowşurýalar. Bu tapgyrda ulgamyň administratorynyň okuwy geçirilýär.
Ulagamyň görkezilişi, düzeltmeleri gowşurma
Iş buýrujyň esasy ulanyjylaryna TERTIP ulgamyň işläp düzülen funksional mümkinçilikleri görkezilişi geçirilýär.
Tejribe ulanylyş
TERTIP ulgamyň esasy ulanyjylary funksional mümkinçiliklerine testleşdirme geçirýärler, iş buýrujyň tekliplerini we pikirlerini toplaýarlar. Tejribe ulanylyş wagtynda biziň hünärmenlerimiz resminamadolanşyk ulgamyň administratoryna konsultasiýa berýärler we ikinji nobatdaky goldaw hökmünde gatnaşýalar. Gerek bolan ýagdaýynda konsultasiýalary iş buýrujyň meýdançasynda geçirmäge mümkinçilik bar. Tejribe ulanylyş tapgyryň dowamlygy 22 iş güne çenli (1 kalendar aýy).
Önümçilik ulanylyşa taýýarlyk iş buýrujyň teklipleri
Bu tapgyrda iş buýrujyň teklipleri nazara alynýar we ulgam ugrukdyrylýar, şeýle hem ulgamyň hemmesi önümçilik ulanylyş wagtynda işleýiş düzgüni barlanýar.
Ulanyjylary okatma, ulgamy önümçilik ulanylyşa geçirmek
Iş buýrujyň meýdançasynda we enjamynda ulgamyň ulanyjylaryna okuw geçirilýär
(10 adamdan köp bolmadyk topar). Ulgamy önümçilik ulanylyşa göýberlendigi barada nama gol çekilýär.